Halkyň Ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse,
Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“».
Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.
Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.
Reb halklar arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.
Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.