Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 8:19 - Mukaddes Kitap

19 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 «Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Дөрдүнҗи, бәшинҗи, единҗи хем-де онунҗы айлардакы агыз беклейән гүнлериңиз яхуда халкы үчин шатлык-шагалаң, дабаралы байрамчылыклар болар. Шоңа гөрә хакыкаты хем парахатлыгы сөйүң“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 8:19
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Emma ýedinji aýda patyşa neslinden bolan Elişamanyň agtygy, Netanýanyň ogly Ysmaýyl özüniň on adamy bilen Gedalýanyň ýanyna geldi we olar ony öldürdiler. Şeýle hem olar Mispada, Gedalýanyň ýanynda bolan ýahudalary we babyllylary-da öldürdiler.


Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.


Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Ýöne sen git-de, meniň dilimden ýazyp alan Rebbiň sözlerini agyz bekleme güni Rebbiň öýünde halka okap ber. Ony Ýahuda şäherlerinden gelen ähli halka eşitdirip okap ber.


Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň dördünji aýynyň dokuzy güni şäheriň diwary böwsüldi.


Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.


Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy:


Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ