Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 8:14 - Mukaddes Kitap

14 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Ата-бабаларыңызың гахарымы гетирендиклери үчин, Мен оларың башына бетбагтчылык гетирмеги йүрегиме дүвдүм ве пикирими үйтгетмәндим. Муны Мен – Хөкмүрован Реб айдяндырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 8:14
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.


Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin!


Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.


Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Bu halkyň başyna şu elhenç betbagtlygy nähili getiren bolsam, olara häzirki söz beren ähli ýagşylyklarymy-da şeýle getirerin.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


«Men – Rebbiň siziň ata-babalaryňyza gaty gahary geldi.


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ