Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эй, яхудалар хем ысрайыллар, сиз халклар арасында нәлете өврүлдиңиз. Инди Мен сизи халас эдерин, сиз ялканыш боларсыңыз. Горкмаң, голларыңыз кувватлы болсун!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 8:13
50 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».


Şatlyk-şagalaň bilen getirilýärler, patyşanyň köşgüne olar girýärler.


Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.


Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».


Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar.


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».


Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.


Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Sion, elleriň gowşamasyn!


Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, çünki Men gözüňiziň alnynda öňki abadançylygyňyzy dikeldip, dünýäniň bütin halklarynyň arasynda size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».


Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.


Iýerusalimde adamlar ýaşar, ol indiden beýläk ýok edilmez. Şäher howpsuz bolar.


Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!


Ýahudany ýaý ýaly edip egerin, Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin. Eý, Sion, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn! Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn.


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi.


Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».


Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ