Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Iýip-içeniňizde, diňe özüňiz üçin iýip-içmeýärsiňizmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ийип-ичениңизде, диңе өзүңиз үчин ийип-ичмейәрсиңизми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 7:6
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar şol gün Rebbiň öňünde uly şatlyk-şagalaň bilen iýip-içdiler. Dawudyň ogly Süleýmany ikilenç patyşa etdiler. Ony Rebbe hökümdarlyga, Sadogy hem ruhanylyga belledi.


Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.


Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol wagtlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, şerap ýa-da çakyr – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ