Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Шейлеликде, Мен чагыранымда, олар гулак асмадылар, олар чагыранда Мен хем олара җогап бермедим. Муны Хөкмүрован Реб диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 7:13
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.


Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.


Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


«Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär.


Sen olara şu sözleriň baryny aýdarsyň, emma olar seni-de diňlemezler. Sen olary çagyrarsyň, emma olar jogap bermezler.


Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip.


«Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy?


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşululary bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Öz barlygymdan ant içýärin, Men size Özüme maslahat saldyrtmaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».


Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.


Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.


Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ