Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 7:10 - Mukaddes Kitap

10 dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 дул аяла, етиме, гелмишеге я-да гарып-гасара сүтем этмәң; бири-бириңизе гаршы пислик этмәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 7:10
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý, ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.


Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.


Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.


Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz».


Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy ýaman niýet etme.


ýaman niýetli ýüregi, ýamanlyga ýortýan aýaklary,


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.


Ýetimleriňi taşla, olary diri saklaryn. Dul hatynlaryň hem Maňa bil baglasyn».


semrediler, ýognadylar. Hetden aşdy olaryň betpälligi, çözmediler adalatly ýetimiň dawasyny, goramadylar garybyň hiç bir hukugyny.


gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz,


Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


ne-de ogry-jümrüler, ne betnebisler, ne-de arakhorlar, ne paýyş sögünýänler, ne-de kezzaplar – şularyň biri-de Hudaýyň Şalygyny miras almaz.


„Gelmişege, ýetime we dul hatyna adalatsyzlyk eden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ