Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.
Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.
Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz.
Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“».
Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.
Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.
«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».
Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.
Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.
Şundan soň ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze ýa-da agaçlara öwüsmesin diýip, ýeriň dört tarapyndaky ýelleri saklap durdular.