Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Bu täçler Heldaýyň, Tobyýanyň, Ýedaýanyň hatyrasyna hem-de Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň sahylygynyň hatyrasyna Rebbiň ybadathanasynda goýlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бу тәчлер Хелдайың, Тобыяның, Едаяның хатырасына хем-де Сепаняның оглы Ёшыяның сахылыгының хатырасына Реббиң ыбадатханасында гойлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 6:14
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janpenalaryň baştutany baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny Babyla ýesir edip äkitdi.


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.


Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn.


«Şu gün Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne git-de, Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedaýadan altyn-kümüş ýygna.


Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Şeýdip, Musa bilen ruhany Elgazar müňbaşylardan, ýüzbaşylardan altyny kabul edip aldylar. Ony Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde ysraýyllar üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirdiler.


Size dogrusyny aýdýaryn, bu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar».


Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ