Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 6:11 - Mukaddes Kitap

11 Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Йыгнан алтын-күмшүңден бир тәч ясап, оны Ехосадагың оглы баш руханы Ешуваның башына гейдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 6:11
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja aldy.


Ruhany nesilleriniň arasyndan keseki milletlerden aýal alanlardan tapylanlar şulardyr: Ýosadagyň ogly Ýeşuwanyň we onuň doganlarynyň nesillerinden: Magaseýa, Eligezer, Ýaryp we Gedalýa.


Hudaýyň adamy Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Ýosadagyň ogly Ýeşuwa beýleki ruhanylar bilen, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl öz garyndaşlary bilen Ysraýylyň Hudaýyna ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin, gurbanlyk sypasyny ýasadylar.


Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.


Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit.


Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne «Rebbe bagyş edilen» diýen sözleri oýup ýazdy.


Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!


Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


Onsoň men – Zakarýa: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar» diýdim. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň perişdesi-de onuň ýanynda durdy.


Bu täçler Heldaýyň, Tobyýanyň, Ýedaýanyň hatyrasyna hem-de Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň sahylygynyň hatyrasyna Rebbiň ybadathanasynda goýlar.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir.


Görsem, ine, bir ak at dur. Onuň üstündäki atlynyň elinde ýaý bardy. Bu atlynyň başyna bir täç geýdirildi. Ol täze ýeňişlere taýyn ýeňiji kimin çykdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ