Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мен ене-де середип дуркам, ики дагың арасындан чыкып гелйән дөрт сөвеш арабасыны гөрдүм. Ол даглар бүрүнчденди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 6:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Ine, men Nebukadnesaryň gören düýşi şudur! Eý, Belteşasar, indi munuň ýorgudyny maňa aýan et, çünki patyşalygymdaky akyldarlaryň hiç biri bu düýşi ýorup bilmedi. Ýöne sen başararsyň, çünki sen mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylansyň».


Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy ol milletden dört patyşalygyň çykjakdygyny, ýöne olaryň ilkinji patyşalyk ýaly güýçli bolmajakdygyny aňladýar.


Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi.


Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ