7 Soňra gurşun gapak ýokary göterildi: küýzäniň içinde bir aýal otyrdy.
7 Соңра гуршун гапак ёкары гөтерилди: күйзәниң ичинде бир аял отырды.
Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:
Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!
Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz.
Onsoň mirt agaçlaryň arasynda duran: «Olar Rebbiň dünýäni aýlanyp çykmak üçin iberenleri» diýip jogap berdi.
Men: «Ol näme?» diýip soradym. Ol maňa: «Ol gelýän küýzedir. Bu tutuş ýurduň etmişidir» diýdi.
Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy.