Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен оны ёлладым. Ол огрының хем-де Мениң адымдан яландан ант ичйәниң өйүне гирер ве шол өйде-де галар; агач-тагтасыдыр дашлары билен биле өйи ювудар. Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 5:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çadyrlarynda hiç zat galmaýar, ýurtlaryna kükürt ýagdyrylýar.


Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolar, üflenmedik ot olary ýuwudar, çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.


Öýüne söýenýär, ýöne ol ýykylar, oňa berk ýapyşýar, ýöne ol çagşar.


Duşmanlaryň uýada galar, ýamanlaryň çadyry weýran bolar».


Reb erbetleriň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.


Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.


Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek, ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da, ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da, pygamberleri-de utandylar.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.


«Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.


Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».


Biz olar bilen şeýle ederis: öz eden kasamymyza Rebbiň gazaby başymyzdan inmez ýaly, olary diri galdyrarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ