Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 5:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol maňa: «Şingar ýurduna; şol ýerde oňa öý gurjaklar. Öý taýýar bolanda, olar küýzäni şonuň içinde öz ýerinde goýarlar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ол маңа: «Шингар юрдуна; шол ерде оңа өй гурҗаклар. Өй тайяр боланда, олар күйзәни шонуң ичинде өз еринде гоярлар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 5:11
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Başda Nimrodyň şalygy Şingar ýurdundaky Babyl, Erek, Akat hem Kalne galalarynyň dördüsini öz içine alýardy.


Adamlar gündogardan göçüp barýarkalar, Şingar ýurdunda bir düzlügiň üstünden gelip, şol ýerde mesgen tutdular.


Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Ol bize ýesirligiň uzaga çekjekdigi, öýler gurup, olarda ýaşamagymyzy, baglar ekip, olaryň miwesini iýmegimizi aýdyp, bu ýere – Babyla habar ýollady ahyryn’“».


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Men perişdeden: «Olar küýzäni nirä alyp barýarlar?» diýip soradym.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ