Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ол: «Булар башына яг чалнып сайланып, бүтин ер йүзүниң Таңрысына гуллук эдйән ики кишидир» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 4:14
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.


Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Mesh ýagy alyp, onuň başyna guý. Şeýdip ony saýla.


Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».


Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mesh ýagyny guýdy.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.


Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.


Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim.


Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.


Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer.


Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».


Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki çyradan, ine, şulardyr.


Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ