Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 4:10 - Mukaddes Kitap

10 «Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 «Еңил ишлер эден гүнүни әхмиетсиз хасапланлар Зерубабылың элиндәки шугулы гөрүп шатланарлар. Бу еди чыра Реббиң гөзүдир, олар дүнйәни айланып йөрендир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 4:10
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Öňüň ujypsyz-da bolsa, soňuň beýik bolar.


Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;


Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.


Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.


Onuň göwsünden emip, doýarsyňyz, teselli taparsyňyz; ganyp-ganyp içip, doly göwsünden lezzet alarsyňyz.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz.


Jandarlar ýyldyrym çaltlygynda gelip-gidip durdular.


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Onsoň men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, saklan! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


„Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir?


Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu söz Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ