Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ине, Ешуваның өңүнде гоян еди гөзли дашым. Мен онуң йүзүне оюп хат язҗак. Мен бир гүнүң ичинде шу юрдуң гүнәсини айрып ташларын. Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 3:9
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, jenabym, häzir bütin ysraýyl halkynyň gözi sendedir. Sen jenabymdan soň, onuň tagtynda kimiň oturmalydygyny olara aýt.


Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».


Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.


Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.


Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt.


Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.


Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdirýän» diýdi.


«Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: „Siz ussalaryň ret eden bu daşy binanyň burç daşy boldy“.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».


möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.


Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Onsoň men damagy çalnan guza meňzeýän bir Guzyny gördüm. Guzy tagtyň ortasynda, dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda durdy. Guzynyň ýedi şahy bilen ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ