Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Инди гулак салың, эй, баш руханы Ешува, сен ве өң яныңда отуран руханылар – сизиң хеммәңиз гелҗекде болҗак ишлериң аламатысыңыз. Мен Шаха диен гулумы орта чыкарҗакдырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 3:8
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.


Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.


Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap diňe içki geýimde, aýakýalaň gezişi kimin,


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Ol maňa: «Sen Meniň bendämsiň, eý, Ysraýyl, Men sende şöhratlanaryn» diýdi.


Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.


Ine, gulum rowaçlanar, ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar, gaty belende çykarylar.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.


Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.


Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder.


Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder.


Olara: „Men size bir nyşandyryn, men näme eden bolsam, olar-da şeýle ederler, olar ýesir düşüp, sürgüne giderler“ diý.


Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim».


„Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“».


Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.


Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler.


Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.


Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr: Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ