Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 3:7 - Mukaddes Kitap

7 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 «Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Эгер Мениң ёлумдан йөрәп, табшырыкларымы ерине етирсең, сен Мениң ыбадатханамы доландырарсың, ховлуларыма гөзегчилик эдерсиң. Мен саңа шу ерде дуранларың арасында гезмек хукугыны берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 3:7
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar.


Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn».


Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.


Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler».


Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».


Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».


Rebbiň perişdesi Ýeşuwa şeýle güwä geçdi:


Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.


Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.


Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Atamyň öýünde ýaşamaga ýer köpdür. Şeýle bolmasa, Men size: „Ýer taýynlamaga barýaryn“ diýermidim?


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ