Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.
Munuň üçin, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, Goga Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Şol gün sen Meniň halkym Ysraýylyň howpsuz ýaşaýandygyna göz ýetirersiň!
Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.
Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.