Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол: «Бар, ылга-да шол йигиде айт: „Ол ерде ерлешҗек сан-саҗаксыз адамлардыр мал-гарадан яңа Иерусалим диварсыз бир шәхер болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 2:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin obalarda ýaşaýan ýahudylar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler.


Baýramlar geçirilýän Sion şäherine seret! Gözleriňiz asuda mekan, sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer, onuň gazyklary sogrulmaz asla, ýüpleriniň hiç biri üzülmez.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Agyr ýitgi astynda doglan çagalaryň ýene saňa şeýle diýerler: „Bu ýer bize darlyk edýär, mesgen tutara bize ýer ber“.


Ine, kömür közüni üfleýän, öz maksady üçin ýarag ýasaýan demirçini Men ýaratdym. Ýok etsin diýip, heläk edijini ýaradan-da Mendirin.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Daýhanlar bilen sürülerini bakýan çopanlar Ýahudada we onuň şäherlerinde bile ýaşarlar.


Reb şeýle aýdýandyr: «Ysraýylda we Ýahudada ynsanu-haýwany köpeltjek günlerim hökman geler.


Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».


Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.


Eý, Iýerusalim, diwarlaryň guruljak güni geler! Şol gün uzaklara gider serhet.


Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Iýerusalimiň garşysyna urşan milletleri Reb şu belalar bilen jezalandyrar: heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär.


Ýaşdygyň üçin saňa hiç kim äsgermezlik etmesin. Sen hem sözde, ýaşaýyşda, söýgüde, imanda we päklikde iman getirenlere görelde bol.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ