Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy.
Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi.
Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.
Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».