Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 14:4 - Mukaddes Kitap

4 Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шол гүн Онуң аягы гүндогарда – Иерусалимиң өңүндәки Зейтун дагында болар. Бу даг гүндогардан гүнбатара әгирт улы җүлге болуп, икә бөлүнер; дагың ярысы демиргазыга, ярысы гүнорта чекилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 14:4
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.


Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy.


Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.


Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.


Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.


Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.


Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar.


Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.


Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».


Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ