Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 14:20 - Mukaddes Kitap

20 Şol gün hatda atlaryň jaňjagazlaryna-da «Rebbe bagyş edilen» diýip ýazylar; Rebbiň ybadathanasyndaky gazanlar hem gurbanlyk sypasynyň öňündäki jamlar ýaly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шол гүн хатда атларың җаңҗагазларына-да «Реббе багыш эдилен» дийип язылар; Реббиң ыбадатханасындакы газанлар хем гурбанлык сыпасының өңүндәки җамлар ялы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 14:20
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.


Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.


Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne «Rebbe bagyş edilen» diýen sözleri oýup ýazdy.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Jesetler we küller taşlanan jülgeleriň hemmesi, Kidron deresine çenli bolan ähli ýerler, gündogardaky At derwezesiniň çetine çenli Maňa mukaddes bolar. Şäher indi ýerinden sökülmez, indi hiç haçan ýykylmaz».


Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar.


Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgüç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn.


Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.


Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Müsüriň hem-de Çatma baýramyny bellemäge gitmedik milletleriň ählisiniň jezasy şeýle bolar.


Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar.


Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň halal diýen zatlaryna sen haram diýmegin» diýdi.


Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.


Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“ diýdi.


Hudaý olaryň imany arkaly ýüreklerini päkledi. Şeýdip, Hudaý biziň bilen keseki milletleriň arasyndaky parhy ýok etdi.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


ony gazan bolsa gazana, piti bolsa pitä, taba bolsa taba, okara bolsa okara sokardy-da, çarşaga ilenini alyp, ruhana bererdi. Olar sadaka bermek üçin Şilo gelýän ysraýyllaryň ählisi babatynda şeýle edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ