Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 14:2 - Mukaddes Kitap

2 Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мен Иерусалимиң гаршысына урушмак үчин әхли миллетлери йыгнарын. Шәхерлер басылып алнар, өйлер таланар, аяллар зорланар. Шәхер халкының ярысы сүргүн эдилер, йөне халкың галан бөлеги шәхерден чыкарылмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 14:2
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.


Sionda galanlara – Iýerusalimde aman galanlara, Iýerusalimde ady durmuş kitabyna ýazylanlara, «Mukaddes» diýler.


Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.


Ýaratjak zatlaryma şatlanyp, baky begeniň; Ine, Men Iýerusalimi şatlyk üçin, halkyny-da begenç üçin ýaratjak.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin.


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Muny halklar arasynda jar ediň: «Söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: „Aýalyň şäherde loluçylyk eder, ogul-gyzlaryň gylyçdan geçiriler, ölçeg ýüpi bilen ýeriň paýlanylar, özüňem haram ýurtda ölersiň, ysraýyl halky öz ýurdundan ýesir edilip äkidiler“».


«Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


«Şol gün Men Iýerusalimiň garşysyna çykýan milletleriň ählisini derbi-dagyn etmäge girişerin.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.


Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ