Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 14:17 - Mukaddes Kitap

17 Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Патыша, ягны Хөкмүрован Реббе ыбадат этмек үчин ер йүзүндәки халклардан Иерусалиме гитмедиклер ягыш гарасыны гөрмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 14:17
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nuhuň ogullaryndan milletleri boýunça emele gelen tireler şulardyr. Silden soň olardan ençeme milletler döräp, olar tutuş ýer ýüzüne ýaýradylar.


Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar».


Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar.


Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler,


Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem günäleri üçin toba etseler,


Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna gyrgyn keselini ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


Ýurtda ýagyş ýagmansoň, toprak çat açdy. Muňa daýhanlar utanyp, başlaryny büreýärler.


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Iýerusalimiň üstüne çozan milletlerden aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.


Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady.


Pygamberlik eden günleri ýagyş ýagmaz ýaly, olaryň gögi baglamaga ygtyýary bardyr. Olaryň suwy gana öwürmäge, ýer ýüzüni islän wagtlary dürli bela-külpetlere ýolukdyrmaga ygtyýarlary bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ