Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 14:10 - Mukaddes Kitap

10 Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Гебадан Иерусалимиң гүнортасындакы Риммона ченли тутуш юрт дүзлүге өврүлер. Эмма Иерусалим Бенямин дервезесинден өңки дервезәниң ерлешен ерине, Чүңк дервезесине ченли, ягны Хананел диңинден патышаның үзүм сыкылян ерине ченли аралыкдакы белентликде галар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 14:10
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi.


Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutdy. Onsoň Ýehowaş Iýerusalime gelip, Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli bolan dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.


Olaryň obalary: Eýtam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan – jemi bäş gala.


Merary urugynyň galanlaryna şu ýerler berildi: zebulun tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Rimmono, öri meýdanlary bilen bilelikde Tabor,


Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutup, Iýerusalime getirdi. Ýehowaş Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.


Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi.


Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk.


Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler.


Geçelgeden geçýärler olar, Gebada bir gije düşleýärler, Rama şäheri lerzana gelýär, Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy.


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.


Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy.


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».


Lewawot, Şilhim, Aýyn we Rimmon – olaryň obalary bilen bile jemi ýigrimi dokuz gala.


Olar benýamin tiresinden hem şu galalary aldylar: Gibgony, Gebany,


Galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar, ýollarda ysraýyllar olaryň ýene bäş müňüsini öldürdiler we Gidoma çenli yzyndan kowaladylar-da, olaryň ýene iki müňüni öldürdiler.


Galan alty ýüz sany benýamin çöle tarap Rimmon gaýasyna gaçdy we olar dört aýlap şol gaýada galdylar.


Halk Rimmon gaýasyndaky benýaminler bilen gepleşik geçirmek üçin, ol ýere adam iberdi, olar bilen ylalaşyk yglan edildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ