Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 12:6 - Mukaddes Kitap

6 Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шол гүн Мен яхуда баштутанларыны одуң ортасында янян бир маңңал ялы, бугдай дессесиниң ичинде алавлап янян чыра ялы эдерин. Олар саг-солундакы халкларың әхлисини якып-яндырарлар. Иерусалим ене-де өзүниң өңки еринде отурар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 12:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen saga-sola ýaýylarsyň, nesilleriň milletleri eýeläp, çola şäherlerde ornaşarlar.


Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýer.


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!


Şonda Ýahuda baştutanlary öz-özlerine: „Özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebde kuwwatlanan Iýerusalimiň halky biziň gujur-gaýratymyzdyr“ diýerler.


Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk – biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris.


Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ