Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 12:4 - Mukaddes Kitap

4 Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шол гүн Мен атларың барыны гудузладарын, үстүндәкилери болса дәлиредерин. Бейлеки халкларың атларының гөзлерини көр эдерин, эмма Яхуда неслини Өз назарымда сакларын. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 12:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.


Şeýlelik bilen patyşa ol ýere atlar, söweş arabalary bilen uly goşun iberdi. Olar gije gelip, galanyň daşyny gabadylar.


Siriýalylar Elýaşanyň üstüne hüjüm edenlerinde, ol Rebbe dileg edip: «Bu halkyň gözlerini kör et» diýdi. Reb Elýaşanyň dileg edişi ýaly olaryň gözlerini kör etdi.


Gözleriň gije-gündiz Özüňe ybadat etmekleri üçin saýlan şu öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.


Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.


Indi şu ýerde edilen dileglere Meniň gözlerim görgür, gulaklarym eşitgir bolar.


Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.


Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.


Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap aýdan sözlerini eşit.


Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.


Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn.


Saçagymyň başynda atlardan, söweş arabalaryndan, güýçli urşujylardan hem esgerlerden doýarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.


Söweş esgerleri deý bolar olar, depelärler duşmany köçeleriň palçygynda. Rebbiň özleri bilendigi üçin söweşip, olar atly goşuny uýada goýarlar.


Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Şonda Ýahuda baştutanlary öz-özlerine: „Özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebde kuwwatlanan Iýerusalimiň halky biziň gujur-gaýratymyzdyr“ diýerler.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Atlardyr gatyrlara, düýelerdir eşeklere hem-de olaryň düşelgelerinde bolan beýleki ähli haýwanlara-da şunuň ýaly belalar bilen jeza berler.


Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.


Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar.


Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ