Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шол гүн Мен Иерусалими әхли миллетлер үчин агыр даш эдерин. Оны гөтеренлериң әхлиси өзлерине зепер етирер. Ер йүзүниң әхли миллетлери бирлешип, Иерусалимиң гаршысына чыкарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 12:3
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn».


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar. Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, ýurtlara, şäherlere, ilatyna sütem etdiňiz.


Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.


Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».


Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.


Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar.


Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar.


Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».


Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi.


Bular alamatlar görkezip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular Hökmürowan Hudaýyň beýik gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ