Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 12:2 - Mukaddes Kitap

2 «Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Мен Иерусалими даш-төверегиндәки халклар үчин башыңы айлаян шераплы бир кәсе эдерин. Иерусалим габава дүшенде, бу кәседен Яхуда-да ичер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 12:2
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?


Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň.


Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir.


Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim.


Reb şeýle diýýär: «Jeza käsesinden içmäge laýyk bolmadyklar içenlerinden soň, heý-de, sen içmän, jezasyz galarmyň? Ýok, jezasyz galmarsyň, jeza käsesinden hökman içersiň.


Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz. Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.


Hatda ýahudalar-da Iýerusalimde urşarlar. Daş-töwerekdäki ähli milletleriň baýlygy: uly möçberde altyn-kümşi, geýimleri ýygnalar.


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


Ol size näme eden bolsa, siz hem oňa şony ediň. Onuň edenlerini iki esse edip gaýtaryň! Oňa iki esse güýçli garylan şerapdan içiriň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ