Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 12:10 - Mukaddes Kitap

10 Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мен Давудың неслиниң хем-де Иерусалимиң халкының үстүне мерхемет ве ялбарыш рухуны дөкерин. Олар өзлериниң дешим-дешим эденине, ягны Маңа середерлер, ялңыз оглы үчин яс тутян ялы яс тутарлар, новбахар оглы үчин ахы-нала чекйән ялы аҗы гөзяш дөкерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 12:10
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy.


Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we faraonyň köşgündäkilere eşidildi.


Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Menem atamyň perzendidim, enemiň eý görýän ýalňyzydym.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.


Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


«Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň Men sizi ruhum bilen dolduraryn, siz direlersiňiz. Men sizi öz ýurduňyzda ýerleşdirerin. Onsoň muny Men-Rebbiň aýdandygyny we ýerine hem ýetirjekdigimi bilersiňiz». Muny Reb aýdýandyr.


Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.


Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler.


Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,


Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi.


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.


Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Sandyk uzak wagtlap – ýigrimi ýyla golaý Kirýatýegarymda galdy. Şol arada tutuş ysraýyl halky Rebbe nalyş etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ