Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 11:9 - Mukaddes Kitap

9 Men olara: «Men siziň üçin çopançylyk etjek däl. Ölen – ölsün, ýumrulan – ýumrulsyn. Aman galanlar bolsa biri-biriniň etini iýsinler» diýdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен олара: «Мен сизиң үчин чопанчылык этҗек дәл. Өлен – өлсүн, юмрулан – юмрулсын. Аман галанлар болса бири-бириниң этини ийсинлер» дийдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 11:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.


Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.


Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler.


Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Tutuş ýurduň, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar. Muny Reb aýdýandyr.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.


Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi.


Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi.


Goý, ýamanlyk edýän ýene ýamanlyk etsin, pislik edýän ýene pislik etsin. Dogry iş edýän ýene dogrulyk etsin, mukaddes öz mukaddesligini saklasyn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ