Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 11:7 - Mukaddes Kitap

7 Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bütewülik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шейлеликде, гоюн сөвдагәрлериниң хатырасына мен союлмалы сүрә чопан болдум. Элиме ики таяк алдым-да, оларың бирини «Мерхемет», бейлекисини болса «Бүтевүлик» дийип атландырдым. Шейдип, сүрини бакдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 11:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.


Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.


Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Emma janpenalaryň baştutany şol wagt ýurtdaky hiç bir emlägi bolmadyk garyp-gasarlara üzüm baglary bilen ekin meýdanlaryny berdi.


Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bütewülik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.


Meniň Hudaýym Reb şeýle diýýär: «Soýulýan sürä çopan bol.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Soňra Dawut eline taýagyny aldy we çeşmeden bäş sany ýylmanak daş saýlap, torbasyna saldy. Sapanyny eline alyp, piliştlä golaýlaşdy.


Piliştli Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme itmi?» diýdi-de, öz hudaýlarynyň adyndan Dawuda gargady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ