Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 11:5 - Mukaddes Kitap

5 Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Сүрини сатын аланлар гоюнлары сойярлар, йөне җезаларыны чекмейәрлер. Гоюнлары сатян адам олара: „Реббе алкыш болсун, себәби мен баядым“ диййәр. Чопанларың өз гоюнларына хайпы гелмейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 11:5
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.


«Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahudy doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar.


Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.


Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin».


Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz.


Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“».


«Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».


«Hudaýyň Reb Mendirin. Seni Müsürden çykardym. Baýramçylyklarda bolşy ýaly, seni ýene çadyrda ýaşadaryn.


Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


dalçyn, we beýleki tagamlyklary, ýakymly ysly tütetgileri, müşk-anbarlary, şeraby, zeýtun ýagyny, kepeksiz uny we bugdaýy, sygyrdyr goýunlary, atlardyr arabalary, adamlaryň janyny we tenini satyn aljak indi ýok.


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ