Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Soňra olara: «Eger muny dogry hasaplasaňyz, onda muzdumy beriň, eger nädogry hasaplasaňyz, muzd gerek däl» diýdim. Şeýlelikde, olar maňa otuz kümüş teňňe çekip berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Соңра олара: «Эгер муны догры хасапласаңыз, онда муздумы бериң, эгер нәдогры хасапласаңыз, музд герек дәл» дийдим. Шейлеликде, олар маңа отуз күмүш теңңе чекип бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 11:12
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi.


Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.


Bir gün Ahap Naboda: «Maňa gök önüm ekmäge ýer bolar ýaly üzümçiligiňi maňa ber, çünki seniň üzümçiligiň meniň köşgüme ýakyndyr. Men onuň deregine saňa ondan has oňat bag bereýin. Eger isleseň, men saňa onuň bahasyny kümüş bilen töläýin» diýdi.


Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».


Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi.


Eger öküz guly ýa-da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin.


Onsoň men Anatotdaky ekin meýdanyny daýymyň ogly Hanamelden satyn aldym. Ekin meýdany üçin oňa otuz bäş mysgal kümüş çekip berdim.


Eger aýal maşgala bolsa, ýetmiş mysgal kümüş bolsun.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler.


Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ