Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Хут шол гүнүң өзүнде әхт бозулды. Җебир чекен гоюнлар – олар маңа середип дурдулар – мунуң Реббиң сөзүдигине гөз етирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 11:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim.


Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.


Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi.


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy.


Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ