Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 10:8 - Mukaddes Kitap

8 Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Сыкылык чалып, топларын олары, чүнки Мен азат этдим олары. Көпелерлер олар хут өңкүлери ялы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 10:8
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.


Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


Ol uzakdaky milletlere nyşan iberer, olary ýeriň aňry ujundan sykylyk bilen çagyrar, ine, olar dazlap, tizden ýetip gelerler.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýaguçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.


Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar.


Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


«Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».


Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy gurruk guýudan çykararyn.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ