Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Яхуда неслини кувватландырарын, Юсуп неслини халас эдерин, Мен ызына гетирерин олары, чүнки олара рехимим инди. Мен тарапдан унудылмадык ялы боларлар. Себәби оларың Худайы Реб Мендирин; Мен олара гулак асарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 10:6
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Çagalary öňküsi ýaly bolar, jemagaty huzurymda berkarar bolar, olara sütem edýänleri jezalandyraryn.


«Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler.


Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


«Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».


Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. „Rehim etmedige“ rehim ederin. „Halkym bolmadyga“ sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Reb diýýär: «Şol gün Men maýyplary ýygnaryn. Kowlan, ejir gören halkymy bir ýere toplaryn.


Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Milletler muny görüp, öz kuwwatlaryndan utanarlar. Ellerini agyzlaryna tutarlar, gulaklaryny dykarlar.


Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».


Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Emma indi Men bu halkyň aman galan bölegine beýle etmerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder, çünki olar çopan sürüsi kimindir. Olar täjiň gymmatbaha gaşlary ýaly Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ