Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Çopanlara garşy tutaşdy gaharym, baştutanlary jezalandyraryn. Hökmürowan Reb Öz sürüsiniň – Ýahuda nesliniň aladasyny eder, olary buýsançly söweş aty kimin eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Чопанлара гаршы туташды гахарым, баштутанлары җезаландырарын. Хөкмүрован Реб Өз сүрүсиниң – Яхуда неслиниң аладасыны эдер, олары буйсанчлы сөвеш аты кимин эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 10:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär, söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny, söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.


Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.


Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.


Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olary jezalandyraryn. Olaryň ýaş ýigitleri gylyçdan geçiriler, oguldyr-gyzlary açlykdan ölerler.


Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr.


Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.


Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?


Ol ähte hyýanat edenleri hilegärlik bilen ýolundan azdyrar, emma öz Hudaýyna wepaly halk bolsa berk durup, oňa garşy hereket eder.


«Şol gurbanlyk güni Men hökümdarlary, şazadalary, ýat adatlara eýerýänleri jezalandyraryn.


Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler, olar örüde sürülerini otararlar, agşamyna Aşkelon şäherinde ýatarlar, Hudaýy Reb olary ýatlap, öňki abadançylyklaryny gaýtaryp berer.


Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ