Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 10:11 - Mukaddes Kitap

11 Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Реб җебир деңзинден гечирер, деңиз толкунларыны көшешдирер. Нилиң дүйпсүз чуңлуклары гурар, Ашурың текепбирлиги чөкер, Мүсүриң шалык хасасы элинден гидер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 10:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.


Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.


Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.


Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Ölüm tanaplary maňa oraldy, ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi, meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.


Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli.


Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


çuňluga: „Gura, derýalaryňy guradaryn“ diýýän,


Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.


Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.


Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ