Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 1:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эмма гулларым болан пыгамберлере буйран сөзлеримдир берен дуйдурышларымы, нәме, ата-бабаларыңыз ерине етирен дәлдир өйдйәңизми? Олар тоба эдип, Хөкмүрован Реб өз тутан ёлумыза хем этмишлеримизе гөрә бизе нәме этмеги ниетлән болса, шоны хем этди дийдилер“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 1:6
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň Ýehuwa: «Seniň nesilleriň dördünji arka çenli Ysraýyl tagtynda oturarlar» diýip beren wadasy berjaý boldy.


Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.


Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Eý, teşneler, suwa geliň! Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň! Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar ody ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


Şeýlelikde, Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda öldi.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


«Başga bir düýrlenen kagyz al-da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky sözleriň ählisini oňa ýaz.


«Git-de, efiopiýaly Ebetmelege Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu şähere garşy aýdan sözlerimi ýagşylyk bilen däl-de, ýamanlyk üsti bilen amala aşyraryn. Bular şol gün seniň gözleriňiň alnynda amala aşar.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň Iýerusalim bilen tutuş Ýahuda şäherleriniň başyndan inderen betbagtçylyklarymy gördüňiz. Siziň özüňiz, ol şäherliler we ata-babalaryňyz tanamaýan başga hudaýlaryňyza ýakymly ysly tütetgi ýakmaga, olara gulluk etmäge gidip, Meniň gaharymy getirdiňiz. Şol sebäpli, ine, bu gün şäherler weýran boldy we ilatsyz galdy“.


Gylyçdan gaçyp gutulan diňe az sanly adamlar Müsür ýurdundan Ýahuda ýurduna gaýdyp gelerler. Müsüre ornaşmaga gelen ýahuda halkyndan aman galanlar şonda Meniň sözümiň ýa-da olaryň sözüniň amala aşýandygyny bilerler.


Sizi bu ýerde jezalandyrmagym, özüňiz üçin bir alamat bolar, muny Reb aýdýandyr. Şonda Meniň siziň garşyňyza aýdan sözlerimiň amala aşjakdygyny bilersiňiz“.


Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.


Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder».


Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.


Reb Öz niýetini amala aşyrdy, owaldan belleýşi ýaly, Öz sözlerini berjaý etdi. Seni rehimsizlik bilen heläk etdi, şat etdi halyňa duşmanyňy, ýagylaryňa kuwwat berdi.


Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň.


Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».


Entek patyşanyň sözleri agzyndaka, gökden bir owaz geldi: «Eý, Nebukadnesar patyşa, saňa ine, şu yglan edilýär: patyşalyk senden alyndy!


Efraýym jeza gününde çöle öwrüler. Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.


Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.


«Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän, halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.


Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň on birinji aýynyň – Şebat aýynyň ýigrimi birinji güni Ydonyň agtygy Berekýanyň ogly bolan men – Zakarýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.


Men hem olara çekdirjek azaplarymy ysraýyllaryň başyndan indererin».


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.


Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar.


Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz.


Şu näletleriň ählisi size siňip, tä ýok bolýançaňyz, sizi gurşap alar. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmän, bu gün Onuň size meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetirmediňiz.


Emma, eý, doganlar, Rebbiň güni siziň üstüňizi bir ogry kimin duýdansyz basmasyn, sebäbi siz garaňkylykda däl ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ