„Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn.
Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň.
Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.
Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».
Hökmürowan Rebbiň Öz ruhy arkaly öňki pygamberleriň üsti bilen iberen kanundyr nesihatlaryny eşitmez ýaly, olar doňýürek boldular. Şol sebäpden Hökmürowan Rebbiň olara gaty gahary geldi.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.