Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Өзүм билен геплешен перишдеден: «Булар нәме?» дийип сорадым. Ол: «Булар Яхуданы, Ысрайылы хем-де Иерусалими даргадан шахлар» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 1:19
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“».


Sürgünden gaýdyp gelenleriň Rebbiň ybadathanasyny gurýandyklaryny eşiden Ýahudanyň we Benýaminiň duşmanlary Zerubabylyň we urugbaşylaryň ýanyna gelip, olara: «Bizem siz bilen bile guraýaly, çünki biz hem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris. Bizi bu ýere getiren Aşur patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri, biz Oňa gurbanlyk berip gelýäris» diýdiler.


Onsoň bu ýurduň ilaty ýahuda halky Rebbiň öýüni gurup ýörkä, olary gorkuzyp, ellerini işden sowatdylar.


Artakserksiň patyşalygy döwründe-de Bişlam, Mitredat, Tabeýel we olaryň ýaranlary Pars patyşasy Artakserkse hat ýazdylar. Hat arameý dilinde ýazylyp, terjime edildi.


Şol bir wagtda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we ýaranlary olaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?»


Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela


Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.


Mowabyň güýç-kuwwaty gaçdy, gudraty kesildi. Muny Reb aýdýandyr.


Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.


Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:


Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.


Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.


Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm.


Men: «Olar näme üçin geldiler?» diýip soradym. Reb maňa: «Bu şahlar ýahuda halkynyň içinden ýekejesi-de baş galdyrmaz ýaly, olary dargatdylar. Ýöne bu ussalar şahlara howp salyp, olary döwmäge geldiler. Sebäbi bu şahlar Ýahudanyň garşysyna hüjüm edip, onuň halkyny dargatdylar» diýip jogap berdi.


Men: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. Meniň bilen gepleşip duran perişde maňa: «Olaryň nämedigini men saňa görkezerin» diýdi.


Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň ininiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ