Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шуны-да җар эдип, Хөкмүрован Реб шейле диййәр дий: «Мениң шәхерлерим ене болелинлиге етер. Мен-Реб Сионы ене көшешдирерин ве Иерусалими ене сайларын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 1:17
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Ysraýylyň, ruhanylaryň we lewileriň galanlary bolsa Ýahudanyň ähli galalarynda, öz mülklerindediler.


Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular.


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän,


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


«Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz?


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.


Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin. Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».


Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler, gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar. Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin, gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.


Daglyk, günbatar baýyrlyk, Negep we Benýamin galalary bilen Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde we Ýahuda galalarynda çopanlar ýene-de goýun sanarlar. Muny Reb aýdýandyr“.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sizi ähli etmişleriňizden tämizlän günüm galalary ilatly ederin, weýran bolup ýatan harabalary abatlaryn.


Sürgün edilen ysraýyl söweşijileri Kenganyň Sarepata çenli ýerlerine eýe bolarlar. Iýerusalimden Separada sürgün edilenler Negepdäki galalary eýelärler.


Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siony juda gabanýaryn.


Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm.


Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?»


Öz huzurynda mukaddes we müýnsüz bolmagymyz üçin, biri-birimizi söýüp, Isa Mesihe degişli bolmagymyz üçin, Hudaý bizi dünýä ýaradylmazdan öň saýlap-seçdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ