Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шоңа гөрә, Реб шейле диййәр: «Мен дуйгудашлык билен Иерусалиме тарап өврүлерин. Мениң ыбадатханам шол ерде гурлар ве Иерусалими дикелтмек үчин өлчег йүпи чекилер. Муны Мен – Хөкмүрован Реб айдяндырын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 1:16
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim?


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker.


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy.


Ýaňky adam eli ölçeg ýüpli gündogara tarap çykanda, müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw topuga çykýardy.


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.


Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.


Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.


«Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.


Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ