Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siony juda gabanýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мениң билен геплешен перишде маңа шейле дийди: «Шу хабары җар эт ве Хөкмүрован Реб шейле диййәр дий: „Мен Иерусалими, хава, Сионы җуда габанярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 1:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aman galanlar Iýerusalimden, halas bolanlar Sion dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar“».


Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.


Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


«Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir.


Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.


Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.


Göklerden seret, Öz mukaddes, şöhratly mesgeniňden bize nazar sal. Yhlasyň, gudratyň nirede Seniň? Merhemetiň, rehimiň nirede? Olary bizden sakladyň.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Reb şonda gabandy Öz topragyny hem-de Öz halkyna indi rehimi.


Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.


Soňra Reb meniň bilen gepleşen perişdä mähirli hem köşeşdiriji sözler bilen jogap berdi.


Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».


Men: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. Meniň bilen gepleşip duran perişde maňa: «Olaryň nämedigini men saňa görkezerin» diýdi.


Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ