Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Закаря 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реббиң перишдеси: «Эй, Хөкмүрован Реб, Сен етмиш йыллап Иерусалим билен Яхуда гахар этдиң, ене-де нәче вагтлап оларың шәхерлеринден Өз рәхметиңи гайгырҗак?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Закаря 1:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Ol bize günälerimize görä garanok, ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.


Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin, Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.


Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Hudaý beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.


Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.


Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty; ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.


Halkyma gaharlandym, mirasymy harlap, seniň eliňe berdim; sen olara rehim etmediň; hatda gojalara-da agyr boýuntyryk atdyň.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär».


Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym, şatlanmadym men. Seniň eliň üstümde bolup, meni gazapdan dolduranyň üçin ýalňyz özüm oturdym,


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamdan: «Bu geň zatlaryň soňy haçan geler?» diýip, olaryň biri sorady.


Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.


Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň.


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ