Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.
Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy.