Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ysraýyl serdarlary 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ол бир мүң бир йүз саны күмүш теңңәни эҗесине гайтарып берди. Эҗеси оңа: «Оглум, мен сениң үчин бу күмүшлерден ойма хем-де гуйма бут ясатмакчы болуп, өз элим билен Реббе ниетледим, олары саңа берйәрин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ysraýyl serdarlary 17:3
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.


Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder.


Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň.


„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Mika: «Indi Rebbiň maňa ýagşylyk etjekdigini bilýärin, sebäbi lewi ýigidi meniň ruhanym boldy» diýdi.


Ol öz ejesine: «Sen bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ogurlatdyň, ony alana meniň ýanymda gargyş etdiň, seniň şol kümüşleriň mende, olary men aldym. Emma men olary häzir saňa gaýtaryp berýän» diýdi. Ejesi: «Reb seni ýalkasyn, oglum!» diýdi.


Ogly olary ejesine gaýtaryp berende, ejesi iki ýüz sany kümüş teňňäni aldy-da, kümüş ussasyna berip, şol kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatdyrdy; olar Mikanyň öýünde durdy.


Danlar sežde edilýän buty oturtdylar. Musanyň agtygy Gerşomyň ogly bolan Ýonatanyň özi we onuň ogullary tä ýurt ýesirlige alynýança danlara ruhanylyk etdiler.


Olar ruhana: «Sen Hudaýdan sorap, bize bilip ber, biz özümiziň ýolumyzyň şowly boljagyna-bolmajagyna göz ýetireli» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ